RAHAT
TOÝ TOÝLAMAGYŇ
KEPILI

BIZ BARADA

Beýik Ýaradanyň türkmen halkyna eçilen parahat durmuşy, bagtyýar ilimize ýaşaýyşyň lezzetini duýup, bagtly ömür sürmeklige esas döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen işewürlerine ýakyndan ýardam bermegi netijesinde ýurdumyzda ajaýyp işler durmuşa geçirilýär. Şol belent goldawdan ruhlanyp işleýän “TOÝ” hyzmat merkezi hem özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny halk köpçüligine hödürleýär. Kärhanamyzyň baş maksady ajaýyp hyzmatlarymyz bilen il-günümiziň toý-baýramlaryny şadyýan we rahat geçirmeklerini üpjün etmekden ybaratdyr. “TOÝ” hyzmat merkeziniň tagallasy bilen INDI, ÄHLI HYZMAT BIR ÝERDE. Aýdylyşy ýaly:
“Toýuň aladasyn edýänçäň tükel,
Üýşüp edäýmeseň ýetişmez iki el…”
Indi, siziň toýuň guramaçylyk meselelerini çözmek üçin we beýleki ähli çäreler üçin alada etmegiňiz doly aradan aýrylyp, bu biziň size hödürleýän hyzmatlar toplumymyzda jemlenendir! Çünki, SIZIŇ ŞATLYGYŇYZ
BIZIŇ ALADAMYZ!